http://www.azathabawufh72p32pkatgc7mamx5cjmulx7qnxxo42dvmib2wsndrqd.onion/a/31804626.html
Hytaýyň Merkezi Aziýada barha artýan täsiri barada “Sinostan” atly täze kitabyň neşir edilmegi, awtorlar üçin on ýyldan gowrak dowam eden uzak derňewleriň jemini görkezýär. Rafaello Pantuççi we Aleksandros Petersen 2008-nji ýylda Pekiniň sebitdäki barha artýan deňsiz-taýsyz täsirini öwrenmek üçin, ýola çykanlarynda, şol döwürde ol täsir beýle bir göze ilmeýärdi, ýöne şondan soň ol Hytaýyň global täsiriniň iň görnükli mysallarynyň birine öwrüldi. 2001-nji ýylda beýle bir dabaraly bolmadyk...